Raşid Meredow we Kristofer Landau Waşingtonda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ädimlerini bellediler
29.05.2026 | 21:36 |Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, 27-nji maýda Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna hemmetaraplaýyn seljerme berdiler we syýasy, söwda-ykdysady, bilim hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň uzak möhletleýin geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler geçen ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda «C5+1» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine täze itergi beren ikitaraplaýyn duşuşygyň taryhy ähmiýetini uly kanagatlanma bilen bellediler.
Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we maýa goýum gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga aýratyn üns berdiler. Bu nukdaýnazardan, taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň möhüm amaly netijelerine ýokary baha berdiler. Şol saparyň dowamynda amerikan iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna Aşgabadyň giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygy barada mälim edilipdi.
ABŞ–Türkmenistan işewürlik geňeşiniň abraýly wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyryljak saparyna taýýarlyk bu ylalaşyklaryň logiki dowamy bolar. Mundan başga-da, Raşid Meredow we Kristofer Landau Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen yzygiderli we ynanyşmak dialogyny dowam etdirmäge doly ygrarlydyklaryny tassykladylar.