Türkmenistanyň küştçileri Gazagystanda intensiw okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşdylar
02.06.2026 | 17:31 |18-nji maýdan 2-nji iýuna çenli Türkmenistanyň milli küşt ýygyndysy Gazagystanyň Kokşetau şäherinde geçirilýän intensiw okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşýar. Gazagystanyň Küşt federasiýasynyň çakylygy boýunça topar häzirki zaman Küşt öýüniň binýadynda türgenleşýär. Bu ýerde türgenleriň taýýarlygy we dynç almagy üçin ähli amatly şertler döredilendir.
Bu ýygnanyşyklaryň esasy maksady türkmen grossmeýsterlerini sentýabr aýynda Samarkant şäherinde geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlamakdan ybaratdyr. Türgenleşik işleri tejribeli halkara grossmeýster Aleksandr Rahmanowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş sekretary Mergen Kakabaýewiň habar bermegine görä, okuwlar örän dartgynly tertipde geçirilýär we günde 6–7 sagat dowam edýär. Tälimçi topara pozision küşt oýnunyň inçe syrlaryny, dogry strategik pikirlenmegi hem-de toparlaýyn oýnuň psihologik taraplaryny öwredýär. Ýygyndy Aşgabada dolanandan soň hem hyzmatdaşlyk goşmaça onlaýn sapaklaryň üsti bilen dowam etdiriler.
Türgenleşikler tamamlanandan dessine, 3–11-nji iýun aralygynda türkmen küştçileri Aktobe şäherine ugrap, «Wladimir Dworkowiçiň Memorialy – Aktobe Open 2026» iri halkara ýaryşyna gatnaşarlar.
Bu ýaryşa 21 ýurtdan gatnaşyjylar, şol sanda 23 grossmeýster gatnaşar. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 100 müň ABŞ dollaryna deň bolup, bu bolsa örän ýokary derejeli bäsdeşligi üpjün eder.
ORIENT