Iň täze habarlar

Wengriýa ÝB tarapyndan doňdurylyp goýlan 16,4 milliard ýewro möçberindäki serişdeleriň açylmagy boýunça ylalaşyk gazandy

31.05.2026 | 01:30 |
 Wengriýa ÝB tarapyndan doňdurylyp goýlan 16,4 milliard ýewro möçberindäki serişdeleriň açylmagy boýunça ylalaşyk gazandy

Wengriýanyň Premýer-ministri Peter Madýar anna güni Wengriýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ozal doňdurylyp goýlan ÝB serişdeleriniň 16,4 milliard ýewrosyny (19,1 milliard ABŞ dollary) bölüp bermek boýunça syýasy ylalaşyga gelendigini mälim etdi.

Madýar bu ylalaşygyň Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen Brýussel şäherinde geçirilen gepleşiklerden soň gazanylandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, ylalaşyk ÝB serişdelerinden takmynan 6 müň milliard forintiň açylmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa Wengriýanyň jemi içerki önüminiň takmynan 13 göterimine deňdir.

Fon der Lýaýeniň aýtmagyna görä, bukja birnäçe bölekden ybaratdyr. Şolaryň 10 milliard ýewrosy Wengriýanyň täzeden seredilen dikeldiş we durnuklylyk meýilnamasynyň çäginde, ylalaşylan özgertmeleriň we maýa goýumlaryň durmuşa geçirilmegi şertinde bölünip berlip bilner. Mundan başga-da, dolandyryş ulgamy bilen bagly şertleriň ýerine ýetirilmeginde öňegidişlik gazanylandan soň jebislik gaznalaryndan 4,2 milliard ýewro, ýokary bilim we akademiki azatlyk ugurlaryndaky özgertmeler bilen baglanyşykly bolsa goşmaça 2,2 milliard ýewro bölünip berler.

Maliýe serişdeleri energetika, ulag, ýaşaýyş jaý gurluşygy, sanlylaşdyrma hem-de kiçi we orta telekeçilik taslamalaryny goldamaga gönükdiriler. Madýaryň bellemegine görä, bu serişdeler elektrik torlaryny we demirýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, kärende ýaşaýyş jaý taslamalaryny amala aşyrmak, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny ösdürmek üçin hem ulanylar. Şeýle hem eýýäm tamamlanan ýa-da durmuşa geçirilýän taslamalar üçin birnäçe milliard ýewro talap edilip bilner.

Duşuşykdan soň çykyş eden Madýar bu netijäni Wengriýa üçin «taryhy gün» diýip atlandyrdy.

«Biz Ýewropa Bileleşigi tarapyndan goldaw hökmünde bölünip berlen we wenger halkyna degişli müňlerçe milliard forinti ýurdumyza gaýtaryp getirýäris» diýip, ol aýtdy.

Fon der Lýaýen ylalaşygyň Ýewropa Komissiýasy bilen Wengriýanyň täze hökümetiniň arasynda birnäçe hepdelik işjeň hyzmatdaşlygyň netijesi bolandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu hyzmatdaşlyk korrupsiýa garşy göreşi we kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmäge gönükdirilen özgertmeleri öz içine alýar.

«Biz Wengriýanyň korrupsiýa we kanunyň hökmürowanlygy bilen bagly meseleleri çözmegini üpjün etjek ygtybarly gurluş boýunça ylalaşdyk» diýip, fon der Lýaýen belledi.

Ol Wengriýanyň Ýewropa prokuraturasyna goşulmak, bitewilik boýunça edarasyny güýçlendirmek, döwlet satyn alyşlarynyň düzgünlerini täzeden gözden geçirmek hem-de jemgyýetçilik bähbitleri üçin döredilen, emma bähbitleriň çaknyşmagy we döwletiň täsir astyna düşmegi baradaky aladalary döreden trestlerden kem-kemden ýüz öwürmek barada karar kabul edendigini aýtdy.

Fon der Lýaýeniň sözlerine görä, bu özgertmeler Komissiýa tarapyndan dürli ÝB mehanizmleriniň çäginde doňdurylyp goýlan maliýe serişdelerini açmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem taraplar energetika, ýaşaýyş jaý gurluşygy, ulag we kiçi hem orta telekeçilik ýaly esasy pudaklary goldaýan anyk taslamalar boýunça ylalaşdylar.

Fon der Lýaýen ýene-de bir möhüm habary mälim edip, akademiki azatlyk we ýokary okuw mekdepleriniň dolandyrylyşy bilen bagly meselelerde gazanylan öňegidişlik netijesinde wenger talyplarynyň indiki okuw ýylyndan başlap Erasmus+ alyş-çalyş maksatnamasyna gaýtadan gatnaşyp biljekdigini aýtdy.

Ylalaşyk barada has giňişleýin maglumatlaryň ýakyn günlerde çap edilmegine garaşylýar.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: