Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili diplomatik wezipesini tamamlaýan
02.06.2026 | 23:57 |30-njy maýda, şenbe güni Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ukrainanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili hökmünde Aşgabatdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Petro Makarenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine syn berdiler hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar şeýle hem, Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde çäklerinde ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
