Iň täze habarlar

Hytaý Pekin bilen Helsinkini birleşdirýän göni howa gatnawyny ýola goýdy

31.03.2026 | 03:00 |
 Hytaý Pekin bilen Helsinkini birleşdirýän göni howa gatnawyny ýola goýdy

Ýekşenbe güni Hytaý Pekin bilen Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherlerini birleşdirýän ilkinji göni howa gatnawy “Dasin” halkara howa menzilinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu waka Hytaý bilen Skandinawiýanyň arasynda täze howa geçelgesiniň açylmagyny alamatlandyrdy.

“China Southern Airlines” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan bu gatnawlar, iki paýtagtyň arasynda hepdede üç gezek (iki ugra hem) ýerine ýetiriler. Iýun aýyndan başlap bolsa, gatnawlaryň sanynyň her güne çenli köpeldilmegine garaşylýar.

“Täze gatnawyň açylmagy bilen, Hytaýyň 50 şäherinden ýolagçylar “Dasin” halkara howa menzilinden Finlyandiýa amatly baryp bilerler we Ýewropanyň beýleki şäherlerine uçuşlaryny dowam etdirmäge mümkinçilik alarlar. Bu Hytaý bilen Finlyandiýanyň, şeýle hem Hytaý bilen beýleki Skandinawiýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy, ynsanperwer gatnaşyklary we syýahatçylygy ösdürmek üçin täsirli hem-de amatly howa köpürini döreder” — diýip, “China Southern Airlines” awiakompaniýasynyň marketing komitetiniň Demirgazyk Hytaý marketing merkeziniň baş müdiriniň orunbasary Gu Menszýun aýtdy. “Adatça, Pekine gelmek üçin maňa 12 sagat gerek bolýardy. Indi bolsa has çalt we bu örän amatly” — diýip, ýolagçylaryň biri belledi.

Hytaý onýyllyklaryň dowamynda Finlýandiýanyň Aziýadaky iň iri söwda hyzmatdaşy bolup durýar, Finlýandiýa bolsa Hytaýyň Demirgazyk sebitindäki iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda üçünji ýeri eýeleýär. Geçen ýyl ikitaraplaýyn söwda dolanşygy 8,26 milliard ABŞ dollaryna ýetdi, bu bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende 60 million dollar köpdür.

“Bu hemmämiz üçin ajaýyp gün. Ol Hytaýyň paýtagtyny Demirgazyk Ýewropa bilen birleşdirer. Bu iki ugra hem kömek eder: siz Demirgazyk Ýewropanyň has köp ýaşaýjysynyň Pekin sebitine gelýändigini görersiňiz. Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň demirgazygyndan has köp adamyň Demirgazyk Ýewropa barýandygyna şaýat bolarsyňyz” — diýip, “Finavia” kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Petri Wuori aýtdy.

Ýekşenbe güni hytaý awiakompaniýalary üçin tomus-güýz uçuş tertibiniň başlangyjy boldy, iri gatnadyjylar içerki we halkara ugurlaryny sazlaýarlar hem-de täze gatnawlary ýola goýýarlar. Täze howa gatnawy möwsümi oktýabr aýyna çenli dowam eder.

“China Southern Airlines” awiakompaniýasyndan başga-da, “Air China” Pekinden Deli (Hindistan) şäherine göni gatnawy dikelder, “China Eastern Airlines” bolsa Şanhaýy Daşkent bilen, şeýle hem Siany Wena bilen birleşdirýän täze gatnawlary açmagy meýilleşdirýär.

Hytaýyň Raýat awiasiýasy müdiriýetiniň maglumatlaryna görä, täze howa gatnawy möwsüminde her hepdede 20 000-den gowrak halkara uçuşy amala aşyrylar, bu bolsa geçen ýylka garanyňda 1,8% köpdür. Bilermenler halkara howa gatnawy ulgamynyň giňelmeginiň Hytaýyň ýokary derejeli açyklyk syýasatyna ygrarlydygyny görkezýändigini belleýärler.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: