Türk howa ýollary Stambul – Sofiýa – Stambul ugry boýunça gatnaw sanyny köpeltdi
31.03.2026 | 23:05 |Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul bilen Sofiýanyň arasyndaky uçuş maksatnamasyny giňeltdi. 29-njy martdan bu ugur boýunça hepdede 21 gatnaw amala aşyrylýar.
Täzelenen tertibe görä, her gün Stambuldan uçar sagat 07:30, 13:45 we 18:55-de uçýar, Sofiýadan bolsa – 09:35, 15:50 we 21:05-de uçuşlar ýerine ýetirilýär.
Mundan başga-da, goşmaça gatnawlar goşuldy:
Stambul – Sofiýa (TK1127) – uçus sagat 12:00;
Sofiýa – Stambul (TK1128) – uçuş sagat 14:05.
Goşmaça gatnawlar hepdede iki gezek amala aşyrylýar. Bu bolsa uçuşlaryň umumy sanyny köpeltmäge we ýolagçylar üçin amatlylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Uçuş maksatnamasynyň giňeldilmegi islegiň artmagy bilen bagly bolup, Türkiýe bilen Bolgariýanyň arasynda howa gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen.