Iň täze habarlar

Täze kosmos gämisi «Orel» ilkinji uçuşyny 2028-nji ýylda amala aşyrar

01.04.2026 | 15:40 |
 Täze kosmos gämisi «Orel» ilkinji uçuşyny 2028-nji ýylda amala aşyrar

Russiýanyň kosmos pudagy giň gerimli täzelenişe taýýarlanýar. Öň «Federasiýa» we «Orel» ady bilen tanalýan täze nesil geljegi uly ulag kosmos gämisiniň (PTK NP) ilkinji uçuşy 2028-nji ýyla meýilleşdirilýär.

Bu barada «Roskosmosyň» baş direktorynyň orunbasary Sergeý Krikalew habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, täze enjam eýýäm statiki we dinamiki synaglardan üstünlikli geçdi. Indiki möhüm tapgyr paraşýut synaglary bolar: gäminiň maketi ýumşak gonuş ulgamyny barlamak üçin dikuçardan aşaklygyna goýberiler.

Täze gäminiň adaty «Soýuz» gämileriniň göni ornuny tutmajakdygyny aýratyn bellemek gerek. Onuň wezipesi has-da giňdir. Häzirki enjamlar, esasan, Ýeriň töweregindäki orbitada işleýän bolsa, täze gäminiň çuň kosmosa — Ýeriň çekiş güýjünden daşarda uçuşlar üçin niýetlenendir.

Synag maksatnamasynyň çäginde geljekki Russiýanyň orbital stansiýasy (ROS) bilen birleşmeler hem meýilleşdirilýär. Onuň ilkinji modulynyň uçurylmagy hem 2028-nji ýylda garaşylýar, bu bolsa bu döwri ähli uçarmanly kosmonawtika üçin öwrülişik pursatyna öwürer.

Şeýle gäminiň döredilmegi adamlary we ýükleri Aýa hem-de Gün ulgamynyň beýleki obýektlerine eltmek meselesini çözmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman kompozit materiallarynyň we täze dolandyryş ulgamlarynyň ulanylmagy uçuşlaryň has howpsuz we özbaşdak bolmagyna mümkinçilik berer, uzak möhletli ekspedisiýalara ýol açar.

ORIENT

Foto: ria.ru

Şeýle hem okaň: