Abu-Dabidäki syýahatçylara 5-nji aprele çenli Luwr we beýleki muzeýlere mugt biletler berilýär
01.04.2026 | 15:30 |BAE-niň paýtagtynda syýahatçylar üçin giň gerimli ýeňillik maksatnamasy işe girizildi. Indi Abu-Dabiniň myhmanhanalarynda ýerleşýän myhmanlar dünýä derejesindäki iri muzeýlere mugt baryp bilýärler, bu bolsa dynç alyş döwründe medeni maksatnama üçin çykdajylary ep-esli azaldýar.
Mugt bileti nädip almaly?
Aksiýanyň şertleri örän ýönekeý: bu mümkinçilik şäheriň myhmanhanalarynda azyndan iki gün ýaşamak üçin öňünden sargyt edenler üçin niýetlenendir. Bu ýeňillikden peýdalanmak üçin myhmanlar diňe öz myhmanhanasynyň konsýeržine ýüz tutup, giriş biletlerini alyp bilerler.
Aksiýa 2026-njy ýylyň 5-nji apreline çenli dowam edýär we Saadiýat adasynyň esasy medeni merkezlerini öz içine alýar:
• Abu-Dabidäki Luwr — özboluşly binagärligi we dünýä sungatynyň ajaýyp eserleri bilen tanalýan muzeý.
• Şeýh Zaýed adyndaky Milli muzeý — BAE-niň taryhy we mirasy merkezi.
• Tebigy taryhy muzeýi — ösümlik we haýwanat dünýäsiniň seýrek eksponatlaryny görmek mümkin bolan ýer.
Guramaçylar bu başlangyjyň aýratyn-da çagaly maşgalalar üçin peýdalydygyny belleýärler. Muzeýlere mugt giriş diňe çykdajylary azaltman, eýsem boş wagty meýilleşdirmegi hem aňsatlaşdyrýar.
Köp myhmanhanalar bu aksiýany «Kids Go Free» maksatnamasy bilen utgaşdyrýarlar. Bu maksatnama laýyklykda, 12 ýaşa çenli çagalar ulylar bilen bilelikde medeni meýdançalara mugt baryp bilýärler. Bu bolsa Abu-Dabini bu ýaz möwsüminde iň özüne çekiji syýahat ugurlarynyň birine öwürýär.
ORIENT