KOMATEK 2026 ýörite tehnikalar sergisi Stambulda: enjamlar we tehnologiýalar boýunça täzelikler
01.04.2026 | 18:35 |2026-njy ýylyň 3–6-njy iýuny aralygynda Stambulyň sergiler merkezinde (IFM) 18-nji Halkara KOMATEK sergisi geçiriler. Bu sebitdäki iň iri çäre bolup, ýörite tehnikalaryň, ýol gurluşyk enjamlarynyň we gurluşyk pudagyndaky innowasion tehnologiýalaryň öndürijilerini birleşdirýär.
KOMATEK sergisi diňe bir tehnikalaryň görkezilişi bolman, eýsem professionallar üçin doly ekoulgamdyr. Bu ýerde öňdebaryjy öndürijiler, lizing kompaniýalary we döwlet edaralary tejribe alyşmak hem-de strategiki şertnamalary baglaşmak üçin duşuşýarlar.
Sergi häzirki zaman gurluşygy we dag-magdan senagatynyň ähli esasy ugurlaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylar şu aşakdaky ugurlar boýunça önümlerini hödürlärler:
• Agyr tehnika: beton we ýol gurluşyk enjamlary, kranlar, göteriji enjamlar we ýük göterijiler.
• Ýöriteleşdirilen enjamlar: burawlaýyş, tunel gurluşygy we peýdaly gazylyp alynýan serişdelerini çykarmak üçin enjamlary.
• Inženerçilik çözgütleri: opalubkalar, gurluşyk sekileri, generatorlar we kompressorlar.
• Komponentler we hyzmatlar: ätiýaçlyk şaýlary, sarp edilýän materiallar we tehniki üpjünçilik hyzmatlary.
Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň gurluşyk pudagynyň wekilleri üçin KOMATEK 2026 dünýä belli brendler bilen göni aragatnaşyk gurmaga, ygtybarly üpjün edijileri tapmaga hem-de iň täze enjamlary we asfalt-beton zawodlaryny iş ýüzünde görmäge mümkinçilik berýär. Sergide aýratyn üns şäher hojalygy üçin niýetlenen ýörite tehnikalara hem-de ekologiýa taýdan arassa gurluşyk çözgütlerine gönükdiriler.
Has giňişleýin maglumat: komatekfuar.com
ORIENT